JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyna aýratyn ähmiýet berildi. Şol saparyň çäklerinde HHR-nyň Başlygy Si Szinpin bilen netijeli we dostlukly duşuşygyň geçirilendigi nygtaldy.

Gepleşikleriň barşynda diplomatlar agzalan saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana döwlet sapary bilen bardy

Türkmenistanda 14-nji fewralda saýlaw möwsümine badalga berilýär

Ata Watan Eserleri

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy