JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.

Şunuň bilen birlikde, A. Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek  üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi hem-de bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Related posts

Kuweýtiň täze Emiri saýlandy

Yılın ilk açılışı: Türkmen Lider modern yaşam merkezini hizmete açtı

vepa

Hasat Öncesinde Yeni Biçerdöverler Geldi

vepa