DÜNÝÄ

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Daşkent şäherinde Özbegistanyň oba hojalyk ministri Ibrohim Abdurahmonow bilen Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Berkeli Berkeliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Italiýa – Merkezi Aziýa (C5) + Azerbaýjan» halkara forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, obasenagat pudagynda tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary giňeltmek meselelerine garaldy.

Taraplar oba hojalygynda, aýratyn-da gowaça tohumçylygynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň we ýokary hasylly görnüşleri ornaşdyrmak boýunça özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurlygyny bellediler. Şeýle hem sanlylaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak meseleleri üns merkezinde boldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli dowam etdirmäge we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny bildirdiler.

Related posts

Sağlığı aşı ile korumak önemli

vepa

Türkmenistanyň Prezidentine ŞHG-niň sammitine çakylyk

Merkezi Aziýa döwletleriniň sammiti Gyrgyzystanda geçiriler