TEHNOLOGIÝA

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Indoneziýada 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmak gadagan ediler. Aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ministri Meutýa Hafid 28-nji martdan başlap hasaplaryň (akkauntlaryň) öçürilip başlanjakdygyny mälim etdi.

Çäklendirmeler ýaş boýunça tapawutlandyrylar. Mysal üçin, 13 ýaşdan kiçi çagalara diňe olaryň ýaş topary üçin ýörite döredilen platformalar elýeterli bolar. 13–16 ýaş aralygyndaky çagalar diňe ene-atalarynyň razylygy bilen pes töwekgelçilikli hyzmatlary ulanyp bilerler. Hökümet düzgün bozulan ýagdaýynda jerimeleriň ulanyjylar üçin däl-de, diňe platformalar üçin göz öňünde tutulandygyny nygtadylar.

Internetden peýdalanmakda ýetginjekler üçin çäklendirmeler birnäçe ýurtda eýýäm girizildi. Olaryň ilkinji bolup girizen ýurdy Awstraliýa boldy. Ol ýerde 16 ýaşdan kiçi adamlaryň sosial ulgamlary ulanmagyna kanunçylyk taýdan gadaganlyk girizildi. Bu düzgüni bozan platformalara 32 million dollara çenli jerime salnyp bilner. Indoneziýanyň häkimiýetleri bolsa bu gadaganlygy diňe sosial ulgamlara däl, eýsem onlaýn oýun platformalaryna we elektron söwda hyzmatlaryna hem ýaýratdy.

Fransiýa, Daniýa, Gresiýa we Ispaniýa şeýle çäreleriň Ýewropa Bileleşigi derejesinde kabul edilmegini talap edýärler. Hindistan hem şeýle gadaganlygy girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, “Variety” neşiri habar berýär.

Mysal üçin, Ispaniýanyň hökümeti 16 ýaşdan kiçi ulanyjylara sosial ulgamlara girmegi gadagan etmäge mümkinçilik berýän ulgam girizmegi meýilleşdirýärler. Ýaşy barlamak üçin milli gural eýýäm işlenip düzüldi we häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Täze mehanizmiň 2026-njy ýylda işe girizilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi