DÜNÝÄ

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanan Gurhan sergisi guraldy. Şeýle hem mukaddes Remezan aýy mynasybetli agzaçar berildi.

Çärä Türkmenistanyň Müftüsi, pars dilini öwrenýänler, sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini, şeýle hem ähli türkmen halkyny we çärä gatnaşyjylary mukaddes Remezan aýy bilen mähirli gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýle hem Eýranyň wekilleri iki doganlyk ýurt bolan Eýran bilen Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylaryna medeni gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändikleri üçin hoşallyk bildirdi.

Eýranyň ilçisi çykyşynda şunuň ýaly bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ruhy we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, biziň serhetlerimiziň elmydama parahatçylygyň, dostlugyň we doganlygyň serhedi bolup galýandygyny belledi.

Sergide görkezilen Gurhanyň 14 dilde neşir edilen nusgalary, şeýle hem sungat eserleri gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergä we agzaçara gatnaşan ähli myhmanlar Medeniýet merkezinde döredilen gynanç kitabyna öz ýazgylaryny galdyrdylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar