DÜNÝÄ

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda gynanç kitaby açyldy. Bu barada Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Habar berlişina görä, Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçihanasynda we Medeniýet merkezinde gynanç kitabynyñ açylandygy habar berilýär.

Gynanç kitabyilçihanada şu gün sagat 18:00 çenli bolar. Medeniýet merkezinde gynanç kitaby 10-15 gün durar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we Eýranyň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberipdi.

Related posts

Aşgabat Howa dialogy dörediler

Ata Watan Eserleri

Atavatan Türkmenistan dergisi Marıda sunum yaptı

vepa

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi