SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

25-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)

Günüň başlangyjy çylşyrymly bolar, esasanam möhüm işleri meýilleşdiren Hamallar üçin esasy maksatlara üns bermek kyn düşer. Ownuk, ýöne gyssagly meseleler siziň wagtyňyzy alyp biler. Ýalňyşlyklara ýol bermezlik üçin ähli zady başdan gowy bitirmäge çalyşyň, sebäbi gaýtadan işlemäge wagtyňyz bolmaz. Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý gowulaşar we garaşylmadyk şatlyklar getirer. Agşamky duşuşyklar professional taýdan bähbitli bolar.
Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
 Iş gatnaşyklarynda dartgynlylyk ähtimal: kärdeşler we ýolbaşçylar bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Hyzmatdaşlygy bes etmek ýaly duýguly kararlara howlukmaň  ýagdaýa gaýtadan seretseňiz, hemme zadyň aslynda gowudygyny görersiňiz. Günüň ikinji ýarymy täze tejribeler we ylham beriji habarlar üçin örän amatlydyr.
Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Möhüm özgerişleriň güni. Daş-töweregiňizdäki adamlar sizi ýalňyş ýola gönükdirip bilerler, şonuň üçin diňe öz içki sesiňize we barlanylan maglumatlara ynanuň. Günüň başynda tankytlara garşy sabyrly boluň. Agşamky wagt dostlar bilen görüşmek we romantik duşuşyklar üçin ajaýyp pursatdyr.
Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Agyr we ýadaw gün bolup biler. Garaşylmadyk öý meseleleri we maddy çykdajylar meýilnamalaryňyzy üýtgetdirip biler. Iş ýerinde dawalardan gaça durmak üçin sypaýyçylygyňyzy ulanyň. Ýatda saklaň: ýakynlaryňyz elmydama siziň tarapyňyzda we size kömege taýyn.
Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
 Ýaranlaryňyz bilen garaşylmadyk öýke-kineler ýüze çykyp biler. Gatnaşyklary saklamak üçin ötünç soramakdan çekinmäň. Köp meseleleri özbaşdak çözmeli bolarsyňyz, ýöne siziň bu tutanýerliligiňiz töweregiňizdakileriň size bolan uly hormatyny oýarar. Günüň ikinji ýarymy döredijilikli pikirler üçin örän bähbitlidir.
Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
 Köp zähmet çekmeli bolar, ýöne netijesi sizi begendirer. Täze işler we goşmaça borçlar maliýe ýagdaýyňyzy düýpli gowulandyryp biler. Hatda hobbyňyzy girdeji çeşmesine öwürmek mümkinçiligi hem bar. Şahsy gatnaşyklarda çekinjeňligi bir gyra goýup, duýgularyňyzy beýan etmegiň wagty geldi.
Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Birnäçe gyzykly mümkinçilik dörär, ýöne dogry saýlawy diňe öz içki sesiňiz bilen edip bilersiňiz. Emläk we maliýe meselelerini çözmek üçin iň amatly gün. Ähli zadyň hasap-keremine we dykgatyna üns beriň. Köne dostlar bilen duşuşmak size täze energiýa berer.
Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
Kynçylyklar wagtlaýyndyr, ruhdan düşmäň. Siziň esasy wezipäňiz  ýagdaý düzelýänçä uly ýalňyşlyk goýbermezlikdir. Günüň ortasynda geljek teklipler ilki gyzykly görünmese-de, derrew “ýok” diýmäň. Günüň ikinji ýarymy şahsy gatnaşyklarda örän şowly bolar.
Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
 Gün örän şowly başlar! Professional wezipeleri kärdeşleriňizden has ökde çözmegiňiz karýeraňyzyň ösmegine ýol açar. Maliýe meselelerini günüň birinji ýarymynda çözüň. Agşam bolsa artykmaç çykdajylardan we gereksiz söwdalardan saklanyň.
Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
 Professional taýdan ösmek üçin ajaýyp gün. Öň peýdasyz hasaplan adamlaryňyz şu gün iň gowy kömekçiňize öwrülip biler. Täze tanyşlyklar diňe bir iş däl, eýsem romantik hekaýa hem öwrülip biler. Bu gün başgalar üçin sowgat almak ýa-da biznesiňize maýa goýmak örän bähbitli bolar.
Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
 Gün wakalara baý bolar. Tejribäňizi we bilimiňizi ulanyp, ýakynlaryňyzdan üstün çykyp bilersiňiz. Täze tanyşlara meýilnamalaryňyzy paýlaşmaga howlukmaň, ilki olara syn ediň. Şahsy gatnaşyklarda düşünişmezlik dörän bolsa, derrew asuda gürleşip ýagdaýy anyklaň.
Hut (Balyk 21.02 — 20.03)
 Günüň başynda başgalaryň maslahatyna we goldawyna köp wagt sarp etmeli bolarsyňyz. Özüňizi asuda duýmak üçin derrew iň çylşyrymly işlere girişiň  şonda size hiç kim päsgel berip bilmez. Günüň ikinji ýarymynda şowlulyk siziň tarapyňyzda bolar, köp meseleler öz-özünden ýerbe-ýer bolar.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

24-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

21-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

19-njy Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama