JEMGYÝET

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, general-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, general-maýor N.Atagaraýew Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine 2023-nji ýylyň fewral aýynda bellenilipdi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda iş saparynda boldy

Ata Watan Eserleri

Türk işadamları, Bağımsızlık Bayramı’na katıldı

vepa