Gazagystan Respublikasynda dostlukly saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Gazak Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň medeni-ruhy gymmatlygy bolan Türküstan şäherinde kabul edýändiginden örän hoşaldygyny belledi.
– Biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Tebigy gaz ulgamynda, şeýle hem ulag-logistika pudagynda strategik taýdan möhüm taslamalar boýunça meýilnamalar bar. Biz bu işleri gözgeçilikde saklaýarys, sebäbi olar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda möhümdir – diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.
Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Liderini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gutlap, BMG tarapyndan goldanylan bu başlangyjyň Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Baştutanyna görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.
– Biziň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugrundaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň geljegi uludyr. Biz Türkmenistanyň BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi babatda başlangyjyny goldandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirýäris – diýip, Milli Liderimiz belledi.
Duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ýakyn ýyllarda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny 1 milliard dollara çenli artdyrmak babatda ulgamlaryň çäreleriň görülmeginiň möhümdigini bellediler.
Gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berlip, bu babatda Gazagystanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirmek taslamasyna gatnaşmagy babatda pikir alşyldy.
Kasy-Žomart Tokaýew Turgundi-Hyrat-Kandagar-Spin-Buldak demirýol gurluşyk taslamasynyň mümkinçiliginiň ýokarydygyny belläp, taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ulag ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we eksport bazarlarynyň giňeldilmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Demirgazyk-Günorta ugry boýunça üstaşyr mümkinçilikleriň ösdürilmeginde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly hem-de häzirki wagtda gurulýan Türkmenbaşy-Garabogyz-Gazagystan serhedi awtomobil ýoly möhüm orun eýeleýär.
Mundan başga-da, bilim we sanlylaşdyrmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna seredildi. Gazak tarapy Türkmenistanyň döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, şeýle hem IT-hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.