SPORT

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

Figurlaýyn typmak boýunça gazak türgeni Mihail Şaýdorow, 1994-nji ýyldan bäri Gyşky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan ilkinji gazagystanly türgen boldy.

Şaýdorow Italiýada geçirilen Olimpiadada erkekleriň arasyndaky ýeke-täk typmak boýunça ýeňiji boldy. Mundan ozal, diňe bir gazagystanly Gyşky oýunlaryň altyn medalyny gazanypdy. Ol hem baryp, 1994-nji ýylda lýžaçy Wladimir Smirnow 50 km aralyga klassiki usuldaky ýaryşda ýeňiş gazanypdy.

Şaýdorow 21 ýaşynda. Ol 1994-nji ýylyň Olimpia çempiony, russiýaly Alekseý Urmanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Gazagystanly figurlaýyn typyjy 2025-nji ýylyň dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.

Related posts

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi

Salah “Beşiktaş” toparyna geçermi?

Umtiti “Barselonada” galarmy…