SPORT

47 ýyldan soňra finala çykdy

Angliýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda “Nýukasl” topary “Sautgempton” toparyny ýeňip, 47 ýyldan soňra kubok ýaryşynyň finalyna çykdy. Onuň finaldaky garşydaşy “Mançester Ýunaýted” – “Nottingem Forest” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bolar.

Eddi Haunyň ýolbaşçylygyndaky “Nýukasl” topary “Sautgempton” toparyny geçirilen 2 duşuşykda birinjisinde 1:0, ikinjisinde 2:1 hasabynda utup, 47 ýyldan soňra finala çykdy.

Mundan ozal, bu topary 1975/76-njy ýylyň möwsüminde Angliýanyň kubogynda finala çykypdy. Şol duşuşykda “Mançester Siti” toparynda 2:1 hasabynda utulypdy.

Mälim bolşy ýaly, “Nýukasl” toparyny 2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky maýa goýum gaznasy tarapyndan 300 million funt-sterlinge satyn alnypdy.

Related posts

“Real Madrid” toparynyň jemgyýetçilik torlarynda 600 million abunaçysy bar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Zidan hem tälimçiligi taşlady

Leave a Comment