DÜNÝÄ

Ilçi: 2025-nji ýylda türkmen-azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygy has-da berkedi

2025-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary özara ynam we dostluk ýörelgelerine esaslanyp ep-esli derejede ösdi, has-da berkäp giňedi. 2017-nji ýylda gol çekilen «Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama» laýyklykda, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyrylmagy hem-de täze ugurlarda özara bähbitli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu barada “AZERTAJ” habarlar gullugyna beren interwýusynda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gozalow aýtdy.

Ilçi 2025-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli özara saparlaryň, duşuşyklaryň we çäreleriň ykdysady, energetika, ulag, üstaşyr, medeni-ynsanperwer we durmuş ulgamlaryny öz içine almak bilen, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin berk binýat döredendigini belledi. Şu ýylyň iýul aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Baku we Garabag sebitlerine sapar bilen gelip, doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlugy çuňlaşdyrmak we strategik hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça möhüm ädimler ädildi.

Diplomat saparyň dowamynda ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we durmuş ugurlarynda birnäçe başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň kesgitlenendigini nygtady.

«Awgust aýynda Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan döwletleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy. Bu bolsa sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmek we ulag hem-de üstaşyr ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe möhüm resminamalaryň gol çekilmegine ýardam berdi» – diýip, ilçi belledi.

G. Gozalow oktýabr aýynda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleri Guramasynyň 12-nji sammitiniň çäginde guralan çäreleriň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitendigini aýtdy. Prezident Ilham Aliýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek, geljekki hyzmatdaşlyk ugurlary we sebit başlangyçlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Gabala şäherinde geçirilen sammitiň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistandaky Arkadag şäheriniň doganlaşan şäheri bolan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde bina edilýän metjidiň düýbüniň tutulmagy medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini has-da artdyrdy.

2025-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen sammitde Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna doly hukukly agza hökmünde kabul edilmegi sebitdäki hyzmatdaşlygyň arhitekturasyna täze bir element goşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyny 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek nobatdaky sammite gatnaşmaga çagyrmagy, Türkmenistanyň ýurdumyza açyk goldawyny görkezýär», — diýip ilçi nygtady.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sammitde Prezident Ilham Aliýewi gutlandygyny nygtap geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Belarus oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy