Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabada geldi. Ol bu ýerde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer. Bu barada rus neşirleri habar berýär.
Rus Lideri Wladimir Putin howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy rus Lideriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan we hut öz adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde, işjeň ösýändigini belledi.
Rus Lideri Türkmenistanyň saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň ähmiýetini belläp, ähli ýurtlar bilen konstruktiw gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Wladimir Putin Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň köp ugurlarda ösýändigini we gowy geljegiň bardygyny nygtady. Ol şeýle-de, ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň Hazar sebitiniň meselelerini, şol sanda ekologiki meseleleri bilelikde çözmek üçin zerurdygyny nygtady.
Russiýanyň Prezidenti Aşgabada amala aşyrýan saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirer. Ozal onuň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Aşgabatda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan bilen duşuşyk meýilleşdirilendigini habar beripdi.
Şeýle hem Putiniň Eýranyň we Yragyň Prezidentleri hem-de Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.
