DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäginde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Bu barada “Trend” habar agentligi Ministrler Kabinetine salgylanyp habar berýär.

A. Asadow Gruziýanyň Premýer-ministrine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

I. Kobahidze hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Azerbaýjan döwletiniň Baştutanyna mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşykda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-üstaşyr, nebitgaz pudaklarynda, “ýaşyl” energetikada, ynsanperwerlik we beýleki ugurlarda Azerbaýjan-Gruziýa strategik hyzmatdaşlygynyň ösüşine üns çekilip, kanagatlanma bildirildi.

Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Related posts

Özbegistanyň Garaşsyzlyk gününe gutlag iberildi

Ankarada Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport bäsleşigi geçirildi

Tokaýew: Merkezi Aziýa taryhyndaky iň üstünlikli döwrüni başdan geçirýär