DÜNÝÄ

M.Husnulin: Arkadag şäheri dünýä derejesindäki taslamadyr

Gurluşyk ösüşi pudagynda möhüm öňegidişlik gazanan Türkmenistanyň bu ugurda uly geljegi bar. Arkadag we Aşgabat şäherlerinde gurlan desgalaryň hili-de, möçberi-de hakyky hormata mynasypdyr. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinden soň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ýolbaşçysy Marat Husnulin žurnalistlere gürrüň berdi.

M.Husnulin: «Wekiliýetimiz täze «akylly» Arkadag şäherine baryp gördi. Munuň gysga wagtyň içinde durmuşa geçirilen dünýä derejesindäki taslamadygyny aýtmak isleýärin. Men 25 ýyl bäri şäher gurluşygy ugrunda işleýärin, şonuň üçin-de bu innowasion uly göwrümli meýilnamanyň durmuşa geçirilişi bilen hünär derejesinde tanyşmak meniň üçin gyzykly boldy» diýdi.

Russiýaly myhmanyň sözlerine görä, täze şäheriň ýaşaýyş jaýlary, ýörite ykdysady zolak, tehnologiýa seýilgähi we köp sanly okuw mekdepleri ýerleşýän bilim toplumy bilen sazlaşykly birleşdirilen ösüş ulgamy ony haýran galdyrypdyr. «Arkadag şäheri oýlanyşykly gurluşygyň we toplumlaýyn ösüşiň aýdyň mysalydyr» diýip, hökümetara toparyň başlygy belledi.

Şeýle hem M.Husnulin Russiýanyň häzirki wagtda sebitleýin ösüşi öz içine alýan «Ýaşaýyş üçin infrastruktura» milli taslamasyny durmuşa geçirýändigini, onuň çäginde ýerlerde hemmetaraplaýyn ösüşiň amala aşyrylýandygyny, şonuň üçin-de bu «akylly» şäheriň şunuň ýaly ösüş taslamasynyň rus tarapy üçin diýseň gyzyklydygyny aýtdy.

«Biz şäheriň infrastrukturasyny baş meýilnamalaşdyryş we «akylly» şäher tehnologiýalaryny ulanmak nukdaýnazaryndan gözden geçirdik. Bu ýerde «akylly» şäheriň ähli elementleri ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem, gurluşyk ölçegleri, çagalar baglary we mekdepler bilen üpjünligi hem meýdançalaryň deňligi bilen tanyşdyk. Dünýäde tutýan meýdanynyň 45 göteriminiň bag-bakja bolan şäherleriň köp däldigini belläsim gelýär. Özi-de bu gök öwüsýän bag-bakjanyň emeli usulda döredilendigine düşünmek möhümdir, ýagny bu ýerde ozal hiç hili bag bolmandyr. Bu – gaty gyzykly tejribe. Elbetde, biz amaly taýdan durmuşa geçirmekde-de, okuwda-da tejribe alyşmaga taýyn» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary sözüni jemledi.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Eswatininiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Malaziýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Ugandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Magtymguly Pyragynyň “Aşyk bolmuşam” goşgular kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi