JEMGYÝET

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň görkezmesi boýunça, Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ýurdumyzyň “Sport ýyldyzy” we “Aga gurluşyk” hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we  ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Arkadag şäherinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirer.

Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwerlikli işleriniň geriminiň barha giňelýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly,  Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy geçirilipdi. Şol duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit guruljakdygyny habar berip, munuň Türkmenistanyň Azerbaýjana özboluşly sowgady boljakdygyny aýtdypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri