DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Taraplar Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatlarynda üstünlikli alyp barýan işleri barada pikir alyşdylar hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellediler. Hususan-da, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşylandygy bellenildi.

Arkadag şäherinde döwrebap medisina klasterini gurmak boýunça koreý kompaniýalarynyň alyp barýan işlerine hem aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy