DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara düzümleriň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we dünýä ýaýmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň çäklerinde bilelikdäki işiň ähmiýetini bellediler.

Related posts

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Hytaýyň daşary işler ministri Özbegistana barar

Ata Watan Eserleri