DÜNÝÄ

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan Türki Döwletleriniň Guramasynyň (TDG) hökümet baştutanlarynyň mejlisiniň ýokary derejede gurnalandygy üçin Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Bakuda geçirilen TDG-niň hökümet baştutanlarynyň we wise-prezidentleriniň ikinji mejlisinde aýtdy.

“Biz bu mejlisi ýokary derejede geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler we mähirli myhmansöýerlik üçin Azerbaýjan tarapyna hem-de TDG-niň Sekretariatyna çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris”, diýip Atagulyýew belledi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki duşuşyk türki döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berer, özara ynamy pugtalandyrar we hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarar.

Related posts

Gazagystanda täze 3 oblast döredildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen ÝHHG hyzmatdaşlygy ösdüriler

Ata Watan Eserleri

Iki günde gyş geldi

Ata Watan Eserleri