DÜNÝÄ

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

2030-njy ýylyň oktýabryndan 2031-nji ýylyň marty aralygynda Er-Riýadda geçiriljek «EKSPO — 2030» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ýurdumyzyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň «EXPO 2030 Riyadh» kompaniýasynyň Gyzyklanýan ýurtlar boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Mohammed bin Garady bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň bu iri gözden geçirilişe gatnaşmagynyň döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, onuň dürli ugurlarda gazananlaryny dünýäde wagyz etmäge, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Telefon söhbetdeşligi: Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan ile Afganistan diplomatik ilişkilerinin 25.yılını kutladı

vepa