JEMGYÝET

Kataryň Emiri Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi

Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi.

Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.

Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani häzirki ýeňil bolmadyk döwürde Kataryň halkyna we döwletine berýän goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem, ol iki ýurduň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, Türkmenistanyň we Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

Iki döwletiň halkara syýasy arenasynda BMG-niň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Wengriýa bilelikde derman serişdelerini öndürmek isleýär

Ata Watan Eserleri