MEDENIÝET

Hytaý kompaniýasy horlanýan işgärlere goşmaça töleg eder

Hytaýyň Günorta Guandun welaýatynda ýerleşýän “Insta360” kamera öndürýän kompaniýasy işgärleriniň aşa semizlik bilen göreşini maliýe taýdan höweslendirmäge karar berdi.

Kompaniýa işgärleri üçin «Horlan we  pul gazan» atly bäsleşik başlatdy. Düzgünleri ýönekeý: her 500 gram üçin 500 ýuana ($70) goşmaça töleg berler.

Emma bu bäsleşigiň ýene-de bir düzgni bar. Ol hem semreýän işgärler bolsa, jerime tölär. Her 500 gram üçin 800 ýuan ($112) talap edilýär diýip, “City News Service Shanghai” neşiri habar berýär.

Häzirlikçe hiç kimi jerime bellänmändir. Bäsleşige jemi 99 işgär goşuldy, olar bilelikde 950 kg  horlanyp, jemi 1 mln ýuan ($139 389) gazandylar.

“Insta360”  kompaniýasynyň bu başlangyjynyň maksady sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we işgärleriň ýaşaýşa hem-de işe bolan oňyn garaýşyny höweslendirmekden ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy