SPORT

AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary belli boldy

Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. Şunlukda, ýurdumyzyň «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň çykyş etjek toparçalary hem-de şol ýerdäki garşydaş klublar kesgitlendi.

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň toparlaýyn tapgyryna 32 topar gatnaşýar. Şunlukda, bije çekişlikde klublar Günbatar we Gündogar zolaklara paýlanyldy.

Ýurdumyzyň çempiony bolmagy başaran «Arkadag» futbol kluby «B» toparçada «Al-Ahli» (Katar), «Andižan» (Özbegistan) hem-de «Al-Haldiya» (Bahreýn) toparlary bilen duşuşar.

«Ahal» bolsa «C» toparça düşdi. Onuň toparçadaky garşydaşlary «Sepahan» (Eýran), «Al-Husseýn» (Iordaniýa) hem-de «Mohun Bagan» (Hindistan) boldy.

Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň sentýabr — dekabr aýlarynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy