SIZDEN GELENLER

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy

Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.

Bu ýurtlara mahsus çäk taýdan üzňeligi ýeňip geçmek, maýa goýumlara, dünýäniň ykdysadyýetine we söwda bazaryna goşulyşmaga elýeterliligi giňeltmek babatdaky meseleleri çözmek bütin adamzat üçin ýetilmeli umumy sepgitler bilen berk baglanyşyklydyr. BMG-niň her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüşinde gazanylan üstünlikleri seljermek, geljek onýyllyk üçin Hereketler maksatnamasyny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken degişli Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garalandygyny bellemek gerek. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Golaýda, döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda medeni çäreleriň geçirilýän ýerine bardy. Ol ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklaryňdyr forumlaryň, konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Şeýlelikde, awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ähli mazmunlaýyn çäreler, şol sanda dostluk konserti, milli tagamlaryň festiwaly medeni alyşmalaryň, halklaryň bitewülik güýjüniň ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygy barada dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga ýardam eder.

Goý, hemişelik Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine, has-da röwşen geljege sary ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda döwletli işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Seýranmämmet Annamämmedow, 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Milli arhiwiň ähmiýeti

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri