SIZDEN GELENLER

Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri – özboluşly sungat

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne we hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len öň­den­gö­rü­ji­lik­li döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­si bo­lan tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babatda üstünlikleri gazanýar, halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet hasabynda durýan taryhy we medeni desgalaryň köp sanlysy bar. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde ykrar edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ajaýyp ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Soňky ýyllarda halkara ylmy bileleşigiň ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärliklere gyzyklanmalary yzygiderli artýar.

Häzirki taryhy döwürde alymlaryň öňünde uly mümkinçilikler açyldy. Olar türkmen döwletliliginiň we dünýä taryhynyň gadymy çeşmeleriniň ähmiýetini peseldýän birtaraplaýyn çemeleşmäni ýeňip geçdiler.Häzirki döwürde Türkmenistanda ylmy nukdaýnazardan örän ähmiýetli ylmy-barlag işlerini halkara arheologik ekspedisiýalary alyp barýarlar. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy siwilizasiýasynyň  hakyky mirasdüşeri bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyk edýär.

Alnyp barylýan barlag işleriniň öňi bilen ylmy ähmiýeti bardyr. Olar taryhyň ýitirilen sahypalaryny tapyp, subutnamalary we faktlary düzmek arkaly köp müňýyllyklaryň dowamynda özüniň etniki we taryhy bitewiligini, däp-dessurlaryny, medeni özboluşlylygyny saklap biziň gadymy halkymyzyň taryhynyň bir bitewi beýanyny düzýär.

Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri  özünde jemleýändigi doly mälim däl. Türkmenistan taryhy hakykatyň höküm sürmegi we milli mirasyň we baýlyklaryň saklanyp galmagy ugrunda çalşyp, milli taryhy-medeni mirasy goramak we wagyz etmek, ýadygärlikleri dikeltmek, ýurdumyzyň çäginde arheologik barlaglary geçirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikleri:

  1. Maşatata, Gökjükdepe, Dehistan ýadygärlikleri-Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýerleşýär.
  2. Ýurdumyzyň Ahal welaýatynda:  Mansurdepe, Nusaý galasy, Seýit Jemaleddin, Namazga depe, Ulug depe, Altyndepe, Mänebaba, Ýylgynlydepe, Meleheýran, Sarahs galasy ýaly taryhy we medeni ojaklar ýerleşýär.
  3. Ýurdumyzyň Mary welaýatynda: Merw, Soltan Sanjar, Ajyguýy, Goňurdepe, Togalakdepe ýaly taryhy ýadygärlikler taryhyň sahypalaryndan gürrüň berýär.
  4. Daýahatyn, Amul galasy, Astanababa ýaly ylmy-taryhy ýadygärlikleri diýarymyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýär.
  5. Ýurdumyzyň Daşoguz welaýaty hem gadymy taryha baý ülkeleriň biri hasaplanýar. Ýagny, Ykmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Aksaraýdiň ýaly taryhy ojaklar Daşoguzyň gadymylygyny subut edýär.

Bilşimiz ýaly, Nusaý ýadygärlikler toplumy 2007-nji ýylda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bu gadymy taryhy ýadygärlik dünýäniň dürli künjeginden gelýän syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Taryha ser salanymyzda, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren milletleriň ählisi özleriniň ajaýyp medeni aýratynlyklary — binagärligi, aýdym-sazy, şekillendiriş sungaty, edebiýaty, halk döredijiligi… bilen tanalýar. Türkmen halky hem heňňamlaryň şaýady — taryhy-medeni ýadygärlikleri, adamzadyň parahat durmuş hakdaky arzuwlaryny özüne siňdiren gazma dutarynyň şirin mukamlary, her bir göli göreni bendi eýleýän halylary, asyrlarboýy sungat derejesine ýetirilen atşynaslyk däpleri bilen kemala gelen ahalteke bedewleri bilen dünýä medeniýetine ummasyz goşant goşan milletdir.
Şöhratly geçmişiniň dowamynda ençeme kuwwatly döwletleri döreden milletimiz medeniýetiň ösdürilmegine ägirt uly ähmiýet beripdir. Beýik Seljuk türkmen döwleti, Horezmşalar döwleti, Osman imperiýasy ýaly adamzat taryhynda öçmejek yz goýan patyşalyklarda hökümdarlar milli medeniýetiň kämilleşdirilmegi ugrunda alada edipdirler. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän dürli taryhy-medeni ýadygärlikleriň ajaýyp binagärlik gurluşyny, arhitektura aýratynlyklaryny, bezeg däplerini synlanyňda hem munuň şeýledigini aýdyň görmek bolýar.
Aýjeren Begliýewa,
Gökdepe etrabynyň Hekim Orazberdiýew adyndaky 3-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy. 

Related posts

Hormatly Prezidentimiziň kitaplary watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň çeşmesi

Rus diliniň ähmiýeti

Halkara gatnaşyklarynyň aýdyň ýoly