DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-nji Parlamentara forumynyň plenar mejlislerine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumynyň «Suw, howa, ekologiýa howpsuzlygy sebitiň durnukly ösüşiniň binýadydyr»atly mejlisine, «Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi» atly mejlisine, şeýle hem «Parahatçylyk, sebit howpsuzlygy we parlament diplomatiýasyny ösdürmek» atly mejlisine gatnaşdylar.

«Suw, howa, ekologiýa howpsuzlygy sebitiň durnukly ösüşiniň binýadydyr»atly mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa çykyş edip, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada belläp geçdi.

«Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi» atly mejlisinde ýurdumyzyň Milli parlamentiniň wekili çykyş edip, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, sirkulýar ykdysadyýete geçmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de adam maýasyny ösdürmek babatdaky işleriň döwlet tarapyndan, oňyn başlangyçlar bilen işjeňleşdirilýändigini belledi.

«Parahatçylyk, sebit howpsuzlygy we parlament diplomatiýasyny ösdürmek» atly mejlisinde bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy M.Kulyýew çykyş edip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň Merkezi Aziýanyň geljegi üçin örän möhümdigini, bu ugurda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda energiýa serişdeleri we ulag üstaşyr geçelgeleri, parahatçylygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça kabul edilen kararnamalaryň, hususan-da, «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda halkara-hukuk binýady pugtalandyrmaga oňyn itergi berýändigini nygtady.

Related posts

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Baýden 80 ýaşyny belledi

Howanyň üýtgemegi boýunça onlaýn-maslahat

Ata Watan Eserleri