DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Wenada gulluk iş saparynda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak hem-de gurluşyk we senagat babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň hem-de Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin, 2023-nji ýylyň 26 — 30-njy noýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Related posts

Putin Täjigistanda iş saparynda boldy

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Wýetnam kofelerine uly gyzyklanma