2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1,12 milliard adamdan geçdi diýip, Hytaýyň Tor Maglumaty Merkezi (CNNIC) tarapyndan ýaýradylan hasabatda aýdylýar.
Internetiň ýaýramagynyň derejesi 79,7%-e ýetdi, bu görkeziji 2024-nji ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 1,1 göterimlik punkt ýokarlandy.
Hasabatda görkezilişine görä, Hytaý 14-nji bäş ýyllyk meýilnama (2021–2025) döwründe sanly ösüşde, esasan hem ýaşuly adamlara we oba ýaşaýjylaryna internet elýeterliligini artdyrmakda uly üstünlik gazandy. 2025-nji ýylyň iýun aýynda 60 ýaşdan uly internet ulanyjylarynyň sany 161 milliona, oba ýerlerinden gelen ulanyjylaryň sany bolsa 322 milliona ýetdi. Bu toparlaryň arasynda internet elýeterlilik derejesi degişlilikde 52% we 69,2% boldy.
Hasabatda sanly tehnologiýalaryň Hytaý medeniýetini içerki we halkara derejede ilerletmekdäki ähmiýeti hem bellenilýär. Hususan-da, 2024-nji ýylda hytaý onlaýn edebiýatynyň daşary ýurt bazary 5 milliard ýuandan (takmynan 700 million ABŞ dollary) geçdi. CNNIC-iň maglumatlaryna görä, bu eserler 200-den gowrak ýurda we sebitlere ýetdi, daşary ýurtly okyjylar bolsa 350 milliondan geçdi. Hytaý edebiýatyna bolan gyzyklanmanyň iň çalt artan ýurdy Ýaponiýa boldy — okyjylaryň sany 180% ýokarlandy.
CNNIC şeýle hem emeli intellekt ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçýär. 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli Hytaýyň Kibergiňişlik dolandyryş gullugynda 346 sany emeli intellekt hyzmaty bellige alyndy.