SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Bitewi syýahatçylyk wizasynyň kömegi bilen Pars aýlagynyň 6y ýurduna – Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirliklerine syýahat etmek mümkin bolar.

Ýakyn wagtda täze syýahat wizasynyň güýje girmegine garaşylýar. Bu wiza Pars aýlagynyň alty ýurduna syýahat etmegi has aňsatlaşdyrar. Gürrüň Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri barada gidýär.

“Grand Tours Visa” (Beýik syýahat wizasy) diýlip hem tanalýan bu wiza, Pars aýlagynyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) umumy syýahat wizasy hökmünde resmi taýdan tassyklandy. Maksat – sebitleýin syýahatlary düzgünleşdirmek we bir gezekde birnäçe döwletiň gezelenç edilmegini ýeňilleşdirmekdir. Bu wiza 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýylyň başynda güýje girer diýip garaşylýar.

Häzirki wagtda syýahatçylar her bir ýurt üçin aýratyn wiza almaly bolýarlar.

Täze ulgamda umumy portalyň üsti bilen bitewi wiza almak mümkinçiligi dörediler, bu bolsa syýahatçylaryň işini ep-esli ýeňilleşdirer. Bu wiza bilen işlemek ýa-da uzak möhletli ýaşamak rugsat berilmeýär. Şonuň üçin bu resminamany almak üçin wiza maksady hökmünde “syýahat”, “gysga möhletli bolmak” ýa-da “maşgala we dostlar bilen duşuşmak” ýaly sebäpler görkezilmeli.

Wizanyň möhletiniň 30–90 gün aralygynda bolmagyna garaşylýar. Wiza bahasy entek resmi taýdan yglan edilmedi, ýöne bielermenleriň aýtmagyna görä, bu täze wiza Pars aýlagynyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän ähli ýurtlary görmek isleýänler üçin alty sany aýratyn wizanyň ýerine has tygşytly çözgüt bolar.

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar