SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Iýilýän waksina dörediler

ABŞ-nyň Kaliforniýa Riwersaýd uniwersitetiniň alymlary tarapyndan durmuşa geçirilen täze taslama arkaly koronowirus pandemiýasynyň iýilýän waksinasy öndüriler.

Ylym we saglyk dünýäsine uly täzelik bolup girjek bu taslamanyň awtorlary waksinany käbir ösümliklerden taýýarlaýar. Uniwersitetiniň professory Huan Pablo Giraldonyň aýtmagyna görä, taslama netijeli tamamlansa, ýekeje ösümlik bir adamy keselden goramak üçin ýeterlik bolar.

Taslamanyň özeninde «Pfizer-BioNTech» we «Moderna» waksinalarynyň düzüm gurluşy bolar. Esasy ösümlik hökmünde bolsa ysmanak saýlanyp alyndy. Giraldo geljekde adamlaryň bu waksinany öz mellek ýerinde hem ýetişdirip biljekdigini aýdýar.

Aýdyň gijelerde ösüşler güýç alýar

 

Related posts

Türkmenistanyň COVID-19-a garşy taýýarlygy güýçlendirilýär

Rus awiakompaniýalary Türkmenistana uçmaga rugsat aldy

Russiýadan gelýän uçarlar Aşgabada gonar

Ata Watan Eserleri