TEHNOLOGIÝA

Prezident Ärdogan türk kosmonawty bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Milli kosmos maksatnamasynyň çäginde Halkara kosmos stansiýasyna iberilen ilkinji türk kosmonawty Alper Gezerawçy bilen göni ýaýlymda duşuşdy.

Türk kosmonawtyna bu ilkinji missiýasynda üstünlik arzuw eden Prezident Ärdogan: “Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji we örän möhüm tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin bu missiýaňda üstünlik arzuw edýärin. Sen tutuş halkymyza, esasan hem çagalar we ýaşlar üçin ylham bolduň. Milli kosmos maksatnamamyzyň çäginde ýerine ýetiren bu möhüm wezipe” diýip belledi.

Türk kosmonawty Alper Gezerawçy hem öz gezeginde Prezident Ärdogana minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýylynda şeýle möhüm wezipäni amala aşyrýandygyna buýsanýandygyny belledi.

Ol 8 aýdan gowrak wagt bu kosmos saparyna taýýarlyk görendigini we meýilnama esasynda Halkara kosmos bekedinde öz wezipelerini amala aşyrmaga girişjekdigini mälim etdi. Türk kosmonawty kosmos giňişligindäki tejribe işleriniň adam saglygy, biologiýa, biotehnologiýa, material ylymlary we fizika ýaly dürli ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar