BIZNES

Türkmenistan bilen Pakistanyň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň “Maha Group” kompaniýalarynyň dolandyryjy direktory Hasnain Dharamseý duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasynda ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar oba hojalygy, senagat önümçiligi, energetika we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de duşuşykda Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça anyk ädimler hakynda söz açyldy.

Bu duşuşyk taraplaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy bolup,  özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, halklarymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.

Ýene-de okaň

Pileçilerimiz Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdy

Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

Türkiýä tebigy gazyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

Hytaý kompaniýasy Hazarda ýel energetika taslamasy bilen gyzyklanýar

Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy boldy