BIZNES

Ýyladyşhana ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýyladyşhanalary ösdürmäge bagyşlanan onlaýn duşuşyga gatnaşdylar we olar Türkiýedäki kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Bu barada “orient.tm” internet neşirinde habar berilýär.

Antalýanyň Söwda we oba hojalygy edarasynyň, ýyladyşhanalar üçin enjamlary öndürýän we eksport edýän Assosiasiýanyň hem-de iri agrosenagt kompaniýalaryň wekilleri  ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri we miweleri ýetişdirmegiň usullary we tehnologiýalary barada gürrüň berdiler.

Onlaýn duşuşyga Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň, türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň, Türkiýäniň Senagat we söwda ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda häzirki döwürde ýyladyşhana üçin önümçilik meýilnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi koronawirus pandemiýasyndan soň ykdysadyýetiň dikeldilmegini ep-esli çaltlaşdyryp biljekdigi nygtaldy.

Döwlet statistika komitetiniň habaryna görä, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň ähli hojalyklarynda gök önüm önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,7 göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, bu hojalyklaryň köpüsi hususy pudaga degişlidir.

 

Rus awiakompaniýalary Türkmenistana uçmaga rugsat aldy

 

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy