SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus awiakompaniýalary Türkmenistana uçmaga rugsat aldy

Russiýanyň awiakompaniýalary dünýäniň 19 ýurduna yzygiderli gatnaw amala aşyrmak üçin rugsat aldy. Şeýle ýurtlaryň biri hem Türkmenistan.

“orient.tm” internet neşiriniň habaryna görä, “RIA Nowosti” habarlar gullugy Russiýanyň Federal howa ulaglary gullugyna (Rosawiasiýa) buýrugyna salgylanyp habar berýär.

Habarlar gullugynyň habaryna görä, bu berlen rugsadyň halkara gatnawlary ýola goýmagy başlamaga esas bermeýär. Bu rugsatnama awiakompaniýalara howa gatnawlary babatda uçuşlar täzeden başlandan soň uçmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Albaniýa, Belarus, Ysraýyl, Iordaniýa, Liwan, Litwa, Makedoniýa, Marokko, Moldowa, Serbiýa, Horwatiýa, Çernogoriýa, Estoniýa, Kipr, Kuba we Maldiwler rus awiakompaniýalaryna uçuş rugsady berlen ýurtlardyr.

 

THY ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar

Related posts

Halkara ýörite uçar gatnawlary barada

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar