SPORT

Wirusyň «Olimpiýa» ştammynyň ýüze çykmagy mümkin

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda adam köp bolmagy sebäpli COVID-19 gozgadyjysynyň täze görnüşi ýüze çykyp biler. Bu duýduryş ýapon lukmanlary tarapyndan berildi.

«Dürli ýerlerde peýda bolan wirusyň ähli geçiji ştammlary şu ýerde ― Tokioda ýygnanar. Çünki ýaryşa 200 döwletden sport wekiliýetleri geler» diýip, Ýaponiýanyň lukmançylyk birleşmesiniň başlygy Naoto Ueýama aýtdy.

Onuň sözlerine görä, netijede epidemiologik ýagdaýyň çynlakaý ýaramazlaşmak howpy bar. Ueýama wirusyň «Olimpiýa» görnüşiniň peýda bolmak howpunyň aradan aýrylmaýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa bileleşigi Tokionyň Oýunlary «howpsuz görnüşde, koronawirusy ýeňmekde dünýä agzybirliginiň nyşany hökmünde» geçirmek kararyny goldamagy dowam etjekdigini mälim etdi.

 

Ulag serişdeleriniň komission söwdasy barada üýtgetmeler

 

 

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri