JEMGYÝET

“Al-Ahli” topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Aziýa yklymynyň iň güýçli futbol toparyny kesgitleýän ýaryşyň finaly Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirildi.

Onda Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki” topary duşuşdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýaponiýanyň “Kawasaki” topary ýarym finalda Kristiano Ronaldonyň düzüminde çykyş edýän “Al-Nasr” toparyny ýeňipdi.

Final duşuşygynda ýapon toparyna bu gezek başga bir saud toparyny ýeňmek başartmady. “Al-Ahli” toparynyň gollaryny Galeno bilen Frank Kesse geçirdi. Bu gollaryň pasyny ozal Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň düzüminde çykyş eden brazil futbolçy Roberto Firmino berdi.

Şeýlelikde, Saud Arabystanynyň “Al-Ahli” topary taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy.

Saud toparynyň düzüminde Eduar Mendi, Merih Demiral, Roberto Firmino, Riýaz Marez we Aýwan Toni ýaly meşhur futbolçylar çykyş edýär.

Bu topar mundan ozal, 2 gezek 1986-njy we 2012-nji ýyllarda bu kubogyň finalyna çykypdy, ýöne kubogy gazanmagy başarmandy.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler