JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda täze resminamalara gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na amala aşyrýan saparynyň çäginde birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Gol çekilen resminamalar:
– Türkmenistanyň Energetika Ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda Elektroenergetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;
– Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnama;
– Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama;
– S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada, özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Şeýle-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Related posts

Türkmenistan Merkezi Aziýada suwdan peýdalanmak boýunça sebit geňeşini döretmegi teklip etdi

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Leave a Comment