JEMGYÝET

Türkmenistan daşary ýurt karz serişdelerini gaýtardy

Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki wagtda bu bergiler doly gaýtaryldy. Bu barada Hytaýyň döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda resmi habar berildi.

Hormatly Prezidentimizi hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtarandygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýändigini aýtdy.

 

Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasy sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» yglan edildi