MEDENIÝET

Türkmen kinolary halkara Turan kinofestiwalynda görkezildi

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şonuň netijesinde, her iki ýurduň sungat wekilleri dürli halkara medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Ine, şu günler Türkmenistanyň kino režissýorlary tarapyndan surata düşürilen çeper filmler 2-nji Halkara Turan kinofestiwalynda görkezilýär.

Türkiýäniň Izmir şäherindäki Ege uniwersitetiniň, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino baş müdirliginiň hem-de TÜRKSOÝ guramasynyň gurnamagynda Halkara Turan kinofestiwaly geçirilýär.

Türk dünýäsiniň umumy gymmatlyklaryny we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen guralýan bu festiwalda Türkmenistanyň çeper filmleri hem görkezildi.

Festiwalda Maksat Gylyjowyň “Kompozitor”, Myrat Orazowyň “Domrul” hem-de Hekim Alowowyň “Kitap” atly filmleri türk kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetirildi.

Bu halkara festiwala 80 döwletden 1675 çeper film hödürlendi.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi