JEMGYÝETMEDENIÝET

Burak Bulut bilen Kurtulyş Kuş Aşgabatda konsert berer

Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtulyş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Konsertiň dowamynda türkiýeli ýyldyz aýdymlary özleriniň sungat ýoluda meşhurlyk gazanan aýdymlary, şeýle-de täze döreden aýdymlary bilen çykyş ederler.

Burak Bulut bilen Kurtulyş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak konserti 25-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Konsertde ýerine ýetiriljek ajaýyp aýdymdyr sazlar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar.

Konsert 18:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

Belläp geçsek, Burak Bulut 1996-njy ýylda Türkiýäniň Elýagiz şäherinde dünýä inýär. Ýakynda Kurtulyş Kuş bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary oňa sungat äleminde has-da uly üstünlikleri getirdi.

Kurtulyş Kuş bolsa 1997-nji ýylda Türkiýäniň Karamanda şäherinde dünýä inýär. Ol «Rüzýa Gibi», «El Insaf» ýaly aýdymlary bilen meşhurlyga eýe boldy.

Türkiýeli aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berýärler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýurtlaryny ekologiýa hyzmatdaşlygyna çagyrdy

Türkmen Lider, spor arabasıyla ustalığını konuşturdu

vepa

700 gram kömelek 184 müň ýewro