BIZNES

Türkmenistanda gazdan benzin öndürýän ikinji zawod gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň maksatnamasy baý mazmuny bilen tapawutlanyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açdy. Bu saparyň çäklerinde köp sanly netijeli duşuşyklar geçirlip, möhüm resminamalara gol çekildi.

Gazanylan ylalaşyklaryň hatarynda Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurulmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe” tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan dünýäde ilkinji gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda ulanmaga berlipdi. Bu ýerde her ýylda “mawy ýangyjyň” 1 milliard 410 milli­on kubmetri gaýtadan işlenilýär hem-de ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ECO – 93 benziniň 600 tonnasy we ugurdaş önümi hökmünde suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy öndürilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar