Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran sapary türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsütni täze ylalaşyklar bilen ýetirdi. Saparyň çäklerinde ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi we şonuň netijesinde ýurdumyzda iri senagat taslamalarynyň gurulmagy üçin möhüm ylalaşyklara gazanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon we türk hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda ýene-de biri iri senagat desgasy, ýagny önümçilik kuwwaty 1,155 müň tonna karbamid önümçiligine barabar bolan täze zawodyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Bu babatda Tokio şäherinde «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda oba hojalygyny ýokary netijesi bolan mineral dökünler bilen üpjün edilmegi babatda iri taslamalar amala aşyrylyp, döwrebap zawodlar gurlup ulanmaga berildi.
Şolaryň hatarynda ýakyn ýyllarda Garabogaz şäherinde iri gaz-himiýa toplumy bolan karbamid zawody gurlup ulanmaga berlipdi. Daniýanyň «Haldor Topse AS» kompaniýasynyň tilsimatlary bir gije-gündizde 2 müň tonna, bir ýylda bolsa 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär. Ammiak konsentrirlenen gaty azot döküni bolan karbamidi öndürmek üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Bu toplumda bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, bir ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndürilmegi ýola goýlupdy.
Türkmen karbamidine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzda bu dökün birnäçe iri kärhanalarda öndürilýär.