JEMGYÝET

Ahmyr

Serde senli setirleriň joşguny

Erk berenok ýüregime henizem.

Aý aňmadyk bir syr bolup galypdyr,

Duýulmadyk duýgulary “eziziň”.

 

Wagty geler, ýalňyşyňy düşündi:r,

Seni basym dolar ýyllar ýanyma.

Bil, ahmyrdan azap çeken mahalyň

Men gülerin. Ynan. Ýylgyrýanyma.

 

Düşünmersiň, belki düşünersiň hem,

Emma giç bor üýtgedere pursady.

Hyrçyň dişläp diliň bir söz gaýtalar:

“Ähli zady wahh, täzeden gursadym”.

 

Dursadyň wadaňda wepaň bolsady,

(Ygraryňa ygtykadyň ýok seniň)

Men hem sensiz ýaşamaryn öýderdim,

Ýaşaýan. Neneň?!

 

Gaýgyly dünýäge ýüz beren köňlüň,

Şonda saňa haýbat bilen käýiner.

Hem wagt geçip ýaşlygymyz ýatlansa,

Gözýaş bilen süpüriler äýnegiň.

Gözel Umarowa

 

Related posts

Nýu-Ýork şäherinden hoş habar geldi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti Aral boýunça teklipleri öňe sürdi