Hususan-da, bilim ulgamynda innowasion özgertmeler bilimiň täze mazmunyny emele getirmek, ony ösdürmek, täzeçe guramak işleri güýçli depginde ösdürilýär. Halkara bilim giňişliginde okatmagyň dürli innowasion usullaryny we görnüşlerini, gyzykly usullaryň mysallaryny, meşhur pedagoglaryň usuly ýörelgelerini, okuw usullaryny hem-de sapagyň netijeli guralmagynyň bähbidine gönükdirilýän teklipleri tapmak bolýar.
Ýokary bilimdäki innowasiýalar täze mazmuny, usullary, okuw tehnologiýalaryny öz içine alýar. Ine, okatmagyň şeýle täze usullarynyň biri-de tehnologik, pedagogik hem-de mazmun taýdan baý bolan bilim bermekdir. Bu usul pedagogyň okatmak işinde ulanýan tehnologiýasynyň peýdaly we düşündirýän dersiniň täsirli bolmagy üçin gerek bolan bilimler toplumyndan düzülen iş usulydyr.
Ol tehnologik, pedagogik hem-de mazmun taýdan baý bolan bilim ugurlaryny öz içine alýar. Şol ugurlaryň hersiniň okatmak işinde zerurlygy barada aýdylanda şulary bellemek gerek. Mazmun taýdan baý bolan bilim ugruna eýermek diýmek — bu mugallymda okadýan dersi boýunça ýeterlik derejede biliminiň bolmalydygyny, ýagny onuň özüniň, berjek bolýan okuw materialyny doly özleşdirmelidigini aňladýar.
Häzirki wagtda STEM (Science, Technology, Engineering and Mathematics) — Ylym, Tehnologiýa, Inženerlik we Matematika ýaly ugurlary öz içine alýan bilim ulgamydyr. Bu ulgam häzirki zaman jemgyýetiniň öňünde duran iň möhüm meseleleri çözmäge, innowasiýa we tehnologiýa ösüşini ýola goýmaga, şeýle-de, dünýä ykdysadyýetine we jemgyýetine uly täsir ýetirmäge gönükdirilendir. STEM diňe bir nazaryýeti däl, eýsem olary amala aşyrmak üçin gerekli tejribe ukyplary hem öz içine alýar.
Matematika sapagynyň dowamynda çaganyň aňynyň kämilleşmeginde, akyl-paýhas işjeňliginiň artmagynda, bilim derejesiniň, pikirleniş ukybynyň ösmeginde, öz ýalňyşyny düzetmekde we beýleki sapaklaryny özleşdirmekdäki ähmiýeti uludyr.
Şeýle hem milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeleriň wajyp ugry hökmünde bilim ulgamyny umumy ykrar edilen halkara kadalaryna, milli ýörelgelere hem-de tejribelere laýyklykda kämilleşdirmäge möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde döredilen sanly bilim portallarynyň elektron maglumat gorlary yzygiderli baýlaşdyrylýar hem-de olaryň elýeterliligi üpjün edilýär. Döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny we elektron maglumatlary işläp düzmek, toplamak, saklamak bilen bagly tehniki-programmalaýyn şertler has-da ýeňilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan döredilen «Zehin» internet synag, «Şekil» wideoaragatnaşyk, «Ukyply» multimedia, Elektron kitaphana ulgamlary, «Çagalar bagy» töleg programmasy hem-de «e-mekdep» portaly ýaşlara berilýän bilimiň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. «e.gov.tm» döwlet hyzmatlar portalynda bilim ulgamyna degişli maglumatlar hem-de hyzmatlar ilata hödürlenýär.
2024-nji ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-sy Times Higher Education Bütindünýä reýting guramasynyň «Young University Rankings 2024» (döredilenine 50 ýyldan köp bolmadyk dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň reýtingi) atly reýtingine habarçy agza hökmünde girizildi. Şeýle hem, 2024-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny amal etmegiň netijeleri boýunça «University Impact Rankings — 2024» (uniwersitetleriň täsir etme reýtingi) atly reýtingiň sanawyna käbir görkezijiler boýunça girizildi. Şolaryň hatarynda biziň baýry okuw mekdebimiz hem bolmagy buýsandyryjydyr.
Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň täsirli guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr.
Ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň, sanly ykdysadyýetiň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýär. Bilimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan oňat başçykarýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Sowatly ýaşlary kemala getirmekde mekdepleriň mugallymlaryna uly jogapkärçilik düşýär.
Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýokary hilli bilim bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle üstünliklere eýe bolmak üçin jogapkärli zähmet çekip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys.
Döwlet Garaýew,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.