SIZDEN GELENLER

Bilim özgertmeleri we amaly matematika

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda uly özgertmelere badalga berildi. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, işine ussat, milli we dünýä ylmynyň inçe syrlaryndan baş çykarmagyň hötdesinden gelýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýeti ösdürmegiň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, ata Watanymyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar.

Bu gün Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan egsilmez güýç-gaýrat alýan ýurdumyzyň ýaş nesilleri ylymly-bilimli bolup, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslamalarda, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle beýik pederlerimiziň watanperwerlik nusgasynda, häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda, bilim başarnyklaryny bermek babatda alyp barýan beýik maksatly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bilim işini kämilleşdirmegiň jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydygy, döwletimizi depginli ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudygy nygtalýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda, milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde sanly bilim yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa ýaş nesliň sanly ulgama oňat düşünmegine, ylym-bilimi tiz we düýpli özleşdirmegine, ýokary hilli bilim almagyna ýardam edýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ykdysady özgertmeleri maksada laýyk durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan milli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, maglumat tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, ylmy-barlag işleri, ylmy-tehnologik gözlegler işjeň alnyp barylýar. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, bilim edaralarynyň okuw-usulyýet we maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy oňyn netijelerini hem berýär.

Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň esasynda mekdeplerde oňat enjamlaşdyrylan okuw binýady emele getirildi. Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen birlikde, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaşlara öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek ugrundaky işler hem oňyn häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edilen netijeli çözgütdir.

Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.

Orta mekdebiň we tehniki hünärler boýunça ýörite hünär we ýokary mekdepleriň umumy maksatnamasynda matematika dersi hemişe esasy orunda durýar. Matematika dersi dünýäniň ähli ýurtlarynda mekdep meýilnamasynda hökman öwredilýär.

Munuň sebäbi diňe bir sanlar we hasap bilen baglanşykly ukyp başarnyklary ösdürmek däl, eýsem adam beýniniň öýjüklerini hereketlendirip beýleki ukyplara-da ýardam berýär.

Matematika bilen gyzyklanýanlaryň özüne ynamy, söwda-senagat başarnygy, hat-da sportda hem ukyby kemala getirmäge uly ýardamy bar. Işleri tertibe salmak, guramaçylyk hereket etmek, hat-da jemgyýetçilik işlerinde adalatly bolmagy ýola goýmak ýaly ukyplary gazanýar. Kyn meseleleri çalasynlyk bilen alyp çykmagy hem başarýar.

Durmuşda, häzir matematikany okaýan ýa-da ony ulanýan adamlarda matematikanyň başlangyç düşünjeleriniň esasynda matematiki endikleri döretmegiň zerurlygy örboýuna galdy. Matematika pikirlenmäniň we endikleriň başlangyç matematika, ýagny arifmetika sapagynda başlanýandygy bellidir.

Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäginde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Döwlet we Milli maksatnamalara laýyklykda, bu maksatlar üçin goýulýan maýa goýumlaryň möçberi her ýyl artdyrylyp, ýurdumyzyň çar künjünde bilim maksatly binalaryň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Olar döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi okuw sapaklaryny innowasion usullardan peýdalanyp guramaga doly mümkinçilik berýär. Netijede, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda halkara ylmy-tehniki we tehnologik hyzmatdaşlyga hem giň ýol açylýar. Türkmenistanyň ylmy edaralary tarapyndan daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralary, halkara ylmy merkezleri bilen erkin we deňhukukly gatnaşyklar ýola goýulýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Ejegyz Bazarowa, 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

amaly matematika we informatika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ýene-de okaň

Bilim ulgamyndaky okatmagyň kämil usullary

Ynsan saglygy – uly baýlyk

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Baş wezipämiz – ynsan saglygy