SIZDEN GELENLER

Çaga terbiýesinde muny diýerdim…

  • Barmagymy görkezip käýemegiň ýerine barmagym bilen surat çekmegi öwrederdim;
  • Çagalarym meni gujaklamak islänlerinde “Işim bar, git!” diýmegiň ýerine “Seniň bilen az wagt geçirýänim üçin bagyşla!” diýerdim;
  • “Bar oýna!” diýmegiň ýerine “Gel bile oýnaly” diýerdim;
  • “Şuny etmegiňi isleýärin” diýmegiň ýerine “Näme etmek isleýärsiň?” diýip pikirini sorardym;
  • Sorag beren wagty “Şuny hem bileňokmy?” diýmegiň ýerine “Gel bile öwreneli” diýerdim;
  • Peýdaly iş edende, üstünlikler gazananda “Berekella” diýerdim;
  • Bilmezden ýalňyşanda “Bolýan zat, hemmämiz ýalňyşýarys, indiki gezek gaýtalamajak bol!” diýerdim;
  • Bir işi oňaranda, işi gowy ýerine ýetirende “Tüweleme, nädip etdiň?” diýerdim;
  • “Bu gün okuwyň nähili geçdi, näme täzelikler?” diýip gyzyklanardym;
  • Okuwynda pes baha alanda “Men saňa ynanýaryn, mundan has hem köp okap, has gowy bahalary alarsyň” diýerdim;
  • Gürrüň edenimizde “Sen bu barada nähili pikiriň bar?” diýip sorardym;
  • “Şu wagt däl” diýmegiň ýerine “Seni diňleýärin” diýerdim;
  • “Ýok” diýmegiň ýerine “Şeýle etseň bolmazmy?” diýerdim;
  • “Soň” diýmegiň ýerine “Nesip bolsa, ýakyn wagtda” diýerdim;
  • “Ony et, muny et” diýmegiň ýerine, “Sen şu işi edeňde örän gowy edýärsiň, şuny etseň” diýerdim;
  • Sesimi gataltman, mylakat bilen düşündirerdim;

Çagalaryňyza wagt aýyrmagy ýatdan çykarmaň!

Aýnur KUWATNIÝAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Related posts

Oba hojalygynda “СLASS XERION” traktorlary

Ummanlar we deňizler barada…

Ata Watan Eserleri

Magtymguly türk ilinde meşhurdyr

Ata Watan Eserleri