Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!
Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda Baýramaly etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
800564-6-26-76
800564-6-04-03