TEHNOLOGIÝA

Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

Dünýäniň iri kompaniýalary hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasynda emeli aň bäsdeşligi barha gyzyşýar.

Golaýda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen halkara derejesindäki ilkinji emeli aň sammiti ABŞ-nyň hem-de Hytaýyň emeli aň ugurndaky maksatnamalaryna jogap hökmünde kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa döwletleri hem-de Ýewropa Bileleşigi ýakynda ýyllarda emeli aň mümkinçiliklerine milliardlarça ýewro möçberinde maýa goýumlary göz öňünde tutýar.

Amerikanyň milliarderlerinden Ilon Mask hem özüniň emeli aň taslamalaryny artdyrýar. Şu gün onuň “Grok 3” ady bilen täze hem-de dünýäniň iň akylly emeli aň taslamasyny tanyşdyrmagyna garaşylýar. Bu taslama şol bir wagtda “OpenAI” kompaniýasynyň emeli aň işläp düzmelerine bäsdeş boljakdygy bellenilýär.

“Grok 3”-iň ösen mümkinçiliklerini, esasan hem tekstden wideo öwürmek we öndürijiligi ýokarlandyrmak ýaly mümkinçilikli aýratynlyklary açylyp görkeziler. Tehnologiýa dünýäsi bu täze emeli aň mümkinçiliginiň getirjek täzeliklerine we emeli aň tehnologiýasyndaky ornuna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Related posts

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Ýewropada iň köp satylan awtoulag modelleri yglan edildi

Hytaýda 10 müň zarýad enjamyny oturtdy