DÜNÝÄ

Gwatemala Türkmenistana täze ilçi belledi

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Eduardo Enrike Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.

Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi hem-de döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Eýran Yslam Respublikasynyň Ynkylap güni Aşgabatda bellendi

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Ata Watan Eserleri

Tusk: Polşa Ýewropanyň öňdebaryjy ýurduna öwrüler

Türkmenistanyň wekiliýeti Tährandaky üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär

Tramp 9-njy fewraly “Amerika aýlagy” güni yglan etdi