BIZNES

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

Daşkende “Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesini döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmegiň ädimleri barada pikir alyşyldy. Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň habar bermegine görä, energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeynalow Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň suw serişdeleri we energetika ministrleriniň mejlisine gatnaşdy.

Duşuşykda ministriň orunbasary Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkiniň we özara saparlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň döredýändigini aýtdy. Azerbaýjanyň energetika pudagynda gazanan üstünliklerine, şol sanda dikeldilýän energiýa çeşmelerine, ýaşyl energiýa geçelgelerini ösdürmäge we “COP29” bilen baglanyşykly başlangyçlara aýratyn üns berildi.

O.Zeýnalow, şeýle hem, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasynda ýaşyl energiýany ösdürmek we geçirmek baradaky taslama boýunça ministriň orunbasary derejesinde geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileri Iordaniýadaky abraýly oba hojalyk sergisine çagyrylýar

Türkiýäniň türki döwletlerine eksporty artýar

BAE bilen Ukraina hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler

Gazagystan bilen Özbegistan bilelikdäki söwda merkezlerini döreder

Belarusly işewürler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

«Malaý» gaz käni: 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kubmetr tebigy gaz öndürildi